Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mentonda däbe öwrülen limon festiwaly başlandy

09:0019.02.2024
0
14115
Mentonda däbe öwrülen limon festiwaly başlandy
Surat: profile24.ru/

Fransiýanyň Menton şäherinde däbe öwrülen limon festiwaly dowam edýär diýip, «24KZ» habar berýär. Bu ýylky çäre tomusda Parižde geçjek Olimpiýa oýunlaryna bagyşlanýar. Şonuň üçin ähli bezeglerde Olimpiýa oýunlarynyň nyşanlaryny synlamak bolýar.

Öz döwründe Menton Ýewropada limon öndüriji iri merkez bolupdy, emma soňky ýyllarda bu miwäniň öndürilişi kemeldi. Bu gün sitrus önüminiň bir bölegi goňşy Ispaniýadan getirilýär.

Festiwal iki hepde dowam eder, guraýjylar oňa 200 müň jahankeşdäniň gelmegine garaşýarlar.

Festiwalyň tehniki guramaçysy Kristof Giýena şeýle gürrüň berýär: - Festiwalda sitruslaryň 140 tonnasy, ýagny 500 müňe golaý miwe ulanýar. Biz olary iki hepdäniň dowamynda zaýalanmazlygy üçin gaýtadan işleýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň