Türkmenistanyň DIM-inde halkara guramalar bilen birnäçe resminamalara gol çekildi

05:2719.02.2024
0
17843

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleýin edaralarynyň ýurtdaky wekilhanalarynyň – BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP), BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA), BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, gol çekilen resminamalar şu aşakdakylardan ybaratdyr:

  • Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti we Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy;
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy;
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy;
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy;
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy;
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy;
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy;
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy;
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy;
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy;
  • Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanyň söwda kuwwatyny güýçlendirmegiň ikinji tapgyry» atly üýtgetme girizilen taslama resminamasy;
  • Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Maliýe bazarlaryny kämilleşdirmek üçin institusional we kanunçylyk gurşawyny berkitmäge ýardam bermek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin taslama resminamasy;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça zerur bolan derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň üsti bilen satyn almak barada» atly üýtgetme girizilen Ylalaşygy;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «2021 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýokanç kesellere gözegçilik etmek üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak barada» atly üýtgetme girizilen Ylalaşygy;
  • Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin ýerli bileleşikleriň we serhetara hyzmatdaşlygyň durnuklylygyny artdyrmak» atly sebitleýin taslamanyň ikinji tapgyrynyň Türkmenistan boýunça 2023-2024-nji ýyllar üçin iş meýilnamasy;
  • Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» atly üýtgetme girizilen taslama resminamasy;
  • Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Hyzmatlaryň daşary söwda statistikasyny, şeýle hem ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň göwrümi barada statistiki maglumaty kämilleşdirmekde ýardam bermek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin taslama resminamasy;
  • Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «2008-nji ýylyň milli hasaplarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek üçin maliýe hasaplaryny işläp düzmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin taslama resminamasy;
  • Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň institusional mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam bermek» atly üýtgetme girizilen taslama resminamasy;
  • Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin taslama resminamasy;
  • Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen 2024-2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen 2024-2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasy bar.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň