Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Maýmynlarda ýumor duýgusynyň bardygy belli boldy

09:4716.02.2024
0
19349
Maýmynlarda ýumor duýgusynyň bardygy belli boldy
Surat: mir24.tv

Maýmynlara ýumor duýgusy mahsus diýip, biologlar we primatlary öwrenijiler netijä geldiler. Synlamalar bu haýwanlaryň öň diňe adamlara mahsus hasaplanýan degişmegi başarýandygyny görkezdi.

Mysal üçin, edil adam çagalary ýaly, şimpanzeleriň, bonobolaryň, orangutanlaryň we gorillalaryň çagalary hem eýýäm sekiz aýlykka, öz ene-atalaryny gižželäp başlaýarlar, zatlary uzadýarlar, soň ýene yza çekýärler, sosial düzgünleri bozýarlar, beýlekileriň işine burnuny sokýarlar.

Netijede, maýmynlaryň özlerine ünsi çekmek üçin edýän 18 sany oýunbazlyk häsiýetleri ýüze çykaryldy. Özlerem olar bu hereketleri dynç alýan wagtlary edýärler diýip, «Proceedings of the Royal Society B: Biological Sciences» neşiri ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň