Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar 2024-nji ýylyň tomsunyň çakdanaşa yssy boljakdygyny duýdurýarlar

09:3410.01.2024
0
15582
Alymlar 2024-nji ýylyň tomsunyň çakdanaşa yssy boljakdygyny duýdurýarlar
Surat: ru.freepik.com

2024-nji ýyl synlamalaryň bütin taryhynda iň yssy bolup, geçen ýylyň rekordyndan ozdurar. «Bloomberg» habarlar gullugy tarapyndan pikiri soraşylan hünärmenler şeýle pikiri aýtdylar diýip, «Regnum.ru» ýazýar.

Hünärmenler üstümizdäki ýylda howanyň gyzmagyna El-Nino tebigat hadysasynyň täsir etjekdigini aýdýarlar, ol Ýuwaş ummanyň ekwator böleginde suwuň üstüniň gyzmagyna getirer.

Planetada howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagyna täsir etjek ikinji ýagdaý adamyň işidir, şol sanda gazylyp alynýan ýangyjyň ýakylmagydyr, ol öz gezeginde howada parnik gazlaryň artmagyna sebäp bolýar.

Deslapky bahalandyrmalara görä, şu ýyl zeminde howanyň ortaça temperaturasy 1,3-1,6 gradus gyzar.

BMG-niň Meteorologiýa guramasynyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň tomsy howanyň ýagdaýyny synlamalaryň bütin taryhynda iň yssy pasyl boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň