Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanda «Chevrolet Lacetti» ulagy önümçilikden aýrylar

13:2305.12.2023
0
27279
Özbegistanda «Chevrolet Lacetti» ulagy önümçilikden aýrylar
Surat: auto.ru

«UzAuto» awtoulag öndürijisi önümçilikden «Chevrolet Lacetti» («Daewoo Gentra» ady bilen tanalýan) sedanyny aýyrmakçy, ol Özbegistanda 2003-nji ýyldan bäri öndürilip gelinýärdi. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.

Neşiriň ýazmagyna görä, «Lacetti» kysymynyň Özbegistandaky zawodda önümçiligi 2024-nji ýylyň başyndan bes ediler. Onuň ýerinde «Chevrolet Cobalt» we «Onix» sedanlary çykarylyp başlanar. Kärhana şeýle hem bu amerikan brendiniň täze býujet kysymyny öndürmegi meýilleşdirýär, onuň ady heniz gizlin saklanýar.

Ulagyň 106 at güýji bolan 1.5 hereketlendirijisi hem-de 6 basgançakly awtomatik transmissiýasy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň