Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanyň döwlet Baýdagyny üýtgetmek barada kanun taslamasy kabul edildi

11:5830.11.2023
0
21874

Gyrgyzystanyň Parlamentiniň deputatlary birinji okalyşda ýurduň baýdagyny üýtgetmek barada kanun taslamasyny kabul etdiler diýip, «Belta.by» habar berýär.

«Gyrgyz Respublikasynyň döwlet nyşanlary hakynda» Kanuna üýtgetmeler girizmek barada» Kanun taslamasyny kabul etmek üçin deputatlaryň 66-sy ses berdi, 8 halk wekili garşy çykdy.

Täze kanun taslamasynda döwlet baýdagyndaky şekillere üýtgetmeleri girizmek teklip edilýär, şol sanda baýdakda şekillendirilen tolkun görnüşli Gün şöhlelerini göni şekillendirmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň