«Elektronika dünýäsi» dükany hojalyk tehnikalarynyň ähli görnüşine 50%-e çenli arzanladyş yglan edýär

19:5905.11.2023
0
46669

Aşgabatdaky «Elektronika dünýäsi» dükany harytlarynyň ähli görnüşlerine arzan satuw aksiýasyny yglan edýär.

2023-nji ýylyň 6-njy noýabryndan 2024-nji ýylyň 6-njy ýanwaryna çenli dükandan ähli görnüşli harytlary 50%-e çenli arzanladylan bahadan satyn alyp bolýar. Aýratyn-da, bu arzanladyş «HITACHI» haryt nyşanly sowadyjylardan satyn aljak müşderiler üçin amatly mümkinçilikdir.

«Elektronika dünýäsi» dükany: «SAMSUNG», «BOSCH», «KARCHER», «TCL», «Delonghi», «Gorenje» ýaly dünýä meşhur brendleriň önümlerini hödürlenýär.

«Elektronika dünýäsi» dükanynda sowadyjylardan başga-da, dünýäde giňden tanalýan uly we kiçi hojalyk tehnikalaryny öndürijileriň — gaz plitalaryny, kir ýuwujy maşynlaryny, howa sowadyjylaryny, telewizorlaryny, mikrotolkun peçlerini, şeýle-de mikserlerini, kofe-maşynlaryny, aşhana kombaýnlaryny, saç guradyjy fenlerini, tozan sorujylaryny we beýleki tehnikalaryny satyn alyp bilersiňiz. «Elektronika dünýäsi» dükanynda islendik satyn alnan haryt üçin 3 ýyla çenli kepillik berilýär.

— Biz Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny giň haryt görnüşlerimize yglan eden möwsümleýin arzan satuwymyza uly höwes bilen çagyrýarys – diýip, dükanyň wekili habar berýär. — Biziň tejribeli satyjylarymyz müşderilere harytlary saýlamaga we iň islegine laýyk gelýänini tapmaga kömek ederler. Zerur bolan ýagdaýynda dükan Aşgabat şäheriniň çägine eltip bermek hyzmatyny hem ýetirýär.

Arzanladyşdaky harytlaryň sany çäklidir, şonuň üçin hem amatly mümkinçiligi elden bermäň!

«Elektronika dünýäsi» dükanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly 183.

Goşmaça maglumat almak üçin telefon belgisi: 14 22 53.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň