Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Amerikaly ýangyç guýulýan beketde lotereýa oýnunda 100 million dollar utdy

17:3527.10.2023
0
31805
Amerikaly ýangyç guýulýan beketde lotereýa oýnunda 100 million dollar utdy
Surat: mir24.tv

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň ýaşaýjysy Brent Ýanga ýangyç guýulýan beketdäki dükanyň satyjysynyň saýlap beren lotereýa petegi utuşly bolup çykdy. Bu barada UPI habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Ýang petegiň gorag gatlagyny bozanda, ol ýerdäki sanlary görüp gözlerine ynanmady, sebäbi ol lotereýanyň baş baýragyny utupdy.

Brent ýangyç guýulýan bekede ulagyna benzin guýdurmak üçin gelende, ol ýapyk ekeni. Erkek kişi ol ýerdäki dükana girende, satyjy oňa lotereýa petegini teklip edipdir, hatda petegi-de satyjynyň özi saýlap beripdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň