Çeňňekli balyk tutmak erkekleriň ruhy saglygyna oňaýly täsir edýär diýip, angliýaly alymlar geçirilen ylmy-barlaglaryň netijelerine esaslanyp habar berdiler.
Barlagçylar 1700 erkek kişiniň arasynda geçirilen pikirsoraşma netijesinde çeňňekli balyk tutmagyň olaryň ruhy we fiziki saglygyna oňyn täsir edýändigini anykladylar.
Emma alymlar çeňňekli balyk tutulýarka spirtli içgilerden saklanylsa, saglyk üçin has köp peýda alyp boljakdygyny bellediler diýip, «MIR 24» ýazýar.