Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäde iň inçejik unaş döretdiler

09:0023.11.2024
0
6099
Dünýäde iň inçejik unaş döretdiler
Surat: mir24.tv

London uniwersitetiniň kollejiniň alymlar topary dünýäde iň inçejik spagetti unaşyny döretdiler, ol adamyň saçyndan takmynan 200 esse inçedir. Onuň diametri 372 nanometre deň bolup, elektrik örme usuly bilen döretdiler,ýagny un we suwuklyk sapaklaryny elektrik täsir bilen iňňäniň gözünden geçirdiler. Netijede, nanosüýümleriň gatlagy alyndy, käbir sapaklar şeýlebir inçe boldy welin, olary hatda mikroskop arkaly görmek başardanok diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Alymlar alnan unaşdan nahar taýýarlap bolmajakdygyny aýdýarlar, sebäbi olar bir sekunda ýetmän ýanar, şonuň üçin ony täze azyk önümi hasaplap bolmaz. Emma şeýle inçejik sapaklary lukmançylykda peýdalanyp bolar.

Ösümlik krahmalyndan ýasalan nanometrler öň hem bellidir, olar ýokary öýjüklilige eýe bolmak bilen, bakteriýalar üçin ýeterlik päsgelçilik döredýärler. Şonuň üçin olar sargy we daňy önümleri taýýarlamakda peýdalanylýar. Olar şeýle hem süňk bitmesinde we dürli beden agzalaryna derman serişdelerini eltmekde ulanyp bilner diýlip, habarda bellenýär.

Emma ösümlik öýjüklerinden krahmaly almak we arassalamak kän güýç we suw talap edýär. Britan alymlary tarapyndan teklip edilen täze usul krahmala baý bolan önümlerden, mysal üçin, undan nanosüýümleri almaga niýetlenendir. Ol ekologiýa taýdan has arassa we daşky gurşaw üçin zyýansyz diýip, «Nanoscale Advances» neşiri ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň