Saud Arabystany golaý ýyllarda özüniň demir ýollarynyň zynjyryny 8 müň kilometre çenli ýetirmegi maksat edinýär. Bu barada ýurduň ulag ministri Saleh ben Naser al-Jasir Er-Riýad şäherinde «Rail» maslahatynyň we sergisiniň açylyş dabarasynda aýtdy diýip, «Saudi Press» habarlar gullugyna salgylanýan «Report» ýazýar.
«Patyşalyga demir ýol ulgamynyň görlüp-eşidilmedik ösüşi garaşýar. Täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen, golaý ýyllarda onuň yzynlygy 8 müň kilometrden geçer» diýip, ministr nygtady.
Häzirki döwürde Saud Arabystanynyň demir ýollarynyň uzynlygy 5,5 müň kilometrden geçýär. Ministriň sözlerine görä, ulgamyň giňeldilmegi Patyşalyga sebitiň logistika merkezi bolmaga mümkinçilik berer.