Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Elwis Presliniň sapançasy 200 müň dollara satyldy

16:0031.08.2023
0
23902

Merhum amerikan aýdymçysy Elwis Presliniň sapançasy söwda-satyg auksionynda satyldy, müşderi onuň üçin 200 müň dollar töledi diýip, «MIR 24» habar berýär.

Habarda görkezilen pul möçberiniň sapançanyň garaşylan nyrhyndan iki esse köpdügi aýdylýar.

Preslä sapança 1976-njy ýylyň noýabrynda aradan çykmazyndan öňýany sowgat berlipdir. Onuň gapdalynda haşamly bezegler, sapynda bolsa 13 ýyldyz we altyn bürgüt şekillendirilipdir. Sowuk ýaragyň bezegi ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 200 ýyllygyna bagyşlanypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň