Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şri-Lankada 150 müňe golaý adam içimlik suwuň ýetmezçiligine duçar boldy

11:5709.08.2023
0
31488
Şri-Lankada 150 müňe golaý adam içimlik suwuň ýetmezçiligine duçar boldy
Surat: belta.by

Şri-Lankanyň okruglarynyň 12-sinde 150 müňe golaý adam guraklyk zerarly içimlik suwa mätäçlik çekýär. Bu barada ýurduň Tebigy betbagtlyklara garşy göreş merkezi habar berdi diýip, «Belta.by» ýazýar.

Habarda içimlik suwuň gytlygynyň 48 müň maşgala täsir edendigi aýdylýar. Häzir olary suw bilen üpjün etmek ugrunda çäreler görülýär.

Şri-Lankanyň Tebigy betbagtlyklara garşy göreş merkeziniň habaryna görä, ýurtda guraklyk, adatça, ýagyş möwsüminiň gijikmegi ýa-da ygalyň ýeterlik düşmeýändigi bilen baglylykda döreýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň