Belarus Respublikasynyň Grodno şäheriniň Buzly sport köşgünde geçirilen GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň agyr atletika boýunça 49 kilograma çenli agram derejesindäki ýaryşynda Ýulduz Jumabaýewa kümüş medala mynasyp boldy.
Ýulduz bäsleşikde 161 kilogram (71+90) agyrlygy galdyrmagyň hötdesinden gelip, iki görnüşiň jemi boýunça hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.
Şu agram derejesindäki ýaryşyň ýeňijisi umumy 171 kg (77+94) netije görkezen russiýaly Ýelizaweta Žatkina boldy. Öňdäki üçlügi 148 kg (68+80) agyrlygy galdyrmagy başaran wýetnamly gyz Thi Ngok An Do jemledi.
Ýulduz Jumabaýewanyň Türkmenistanyň ýygyndysyna GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň ilkinji medalyny getirendigini bellemelidiris.
Türkmenistan GDA ýurtlarynyň oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşýar, ýygyndy topar 2-nji awgustda Belarusa geldi. Türkmen toparyna 113 wekil agzalyk edýär. Şolaryň 82-si türgenlerdir. Türkmenistanly türgenler sportuň agyr atletika, sambo, karate, dzýudo, erkin we grek-rim göreşleri, basketbol 3х3, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, taý boksy, ýaý atmak hem-de ok atmak görnüşlerinden çykyş edýärler.