Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawody Türkmenistanyň milli flotunyň tankerini bejerdi

14:3102.08.2023
0
47516

«Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda milli flotuň nobatdaky gämisinde abatlaýyş işleri geçirilip taýýar edildi. Bir wagtda nebit önümlerini 4260 tonnasyny daşamaga niýetlenen «Atamyrat Nyýazow» diýlip atlandyrylýan bu tanker ýakyn günlerde ulanyşa goýberiler. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi resmi saýtynda habar berdi.

Bu gämi 2001-nji ýylda guruldy. Onuň abatlaýyş işleri dolulygyna ýerli hünärmenleriň hasabyna ýerine ýetirildi.

Açylyp ulanmaga berlen gününden, ýagny, 2019-njy ýyldan bäri, «Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda dürli görnüşli gämileriň 80-den gowragynda abatlaýyş işleri üstünlikli geçirildi. Bu gämiler Milli söwda flotuna we daşary ýurt kompaniýalaryna degişlidir.

Häzirki wagtda «Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawody gämileri gurmak we abatlamak üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemelýär.

Habarda bellenilişi ýaly, zawod ýerli hünärmenleriň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek babatda hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýdy.

Zawod ýylda 10 müň tonna polady gaýtadan işläp, 4 — 6 gämini gurmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, ol ýylda 2 müň tonna polady gaýtadan işlemek arkaly 20 – 30 gämide abatlaýyş işlerini geçirmäge şertleri üpjün edýär.

Gämi gurmak işi özünde degişli gurluşyk serişdelerini kabul etmekden, ýygnamakdan taýýar bolan gämini suwa goýbermäge çenli bolan tapgyrlary öz içine alýar. Zawodda döredilen şertler bu çylşyrymly işleri kynçylyksyz ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. 166 müň inedördül metr çäkde ýerleşýän zawod arkaly islendik görnüşdäki we ölçegdäki gämileri kabul edip, abatlaýyş işlerini geçirip bolýar.

Ýakyn wagtda «Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda dürli ölçeglerdäki gämileriň gurluşyk işini ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň