Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Internetden peýdalanyjylary diwarda gezýän sekiz ýaşly gyz haýran galdyrdy

11:0426.07.2023
0
28126
Internetden peýdalanyjylary diwarda gezýän sekiz ýaşly gyz haýran galdyrdy
Surat: asiaone.com

Sosial ulgamdan peýdalanýanlary Hytaýdan bolan sekiz ýaşly gyzjagaz öz ukyby bilen haýrana goýdy, ol diwarda emgenmän gezip ýör diýip, «Asia One» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.

Wideoda gyzyň diwarda oturyp, ejesi bilen telewizora tomaşa edýändigi görünýär. Ejesi onuň beýle ukybyny ilkinji gezek görýändiklerini, haýran galandyklaryny gürrüň berýär.

Gyzjagazyň özi öýüň potologyna iki diwaryň burçundan ýapyşyp çykandygyny, munuň kyn iş däldigini gürrüň berýär. Ejesi gyzynyň hemişe-de batyr bolandygyny, kakasy onuň dört ýaşynda aşyrym atmagy öwrenendigini aýdýar.

Emma muňa garamazdan, ene-atasy çaga diwarlarda gezip ýörmegi gadagan etdiler, sebäbi onuň şikes almagy mümkin. Internetde welin, gyzy super- gahrymana meňzedip: «Ol Möý-adamyň hytaý nusgasy» diýip ýazdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň