Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 1 million 344 müň 268 sany ýaşaýyş jaýy hasaba alyndy

22:5814.07.2023
0
60030

Habar berşimiz ýaly, şu gün geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow döwlet Baştutanyna «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek» şygary astynda geçen ýylyň dekabr aýynda geçirilen ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijeleri barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça 2022-nji ýylyň 17-nji dekabry ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň ilatynyň umumy sany 7 million 57 müň 841 adama deň boldy. Şeýle-de, hasabat berlişi ýaly, ýurduň ähli ilatly ýerlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň ýokary depginlerde alnyp barylýar. Ýaşaýyş binalarynyň sany 1 million 5 müň 671-e deň bolup, 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwy bilen deňeşdirilende, 12,4 göterim artdy. Ýaşaýyş jaýlarynyň sany 1 million 344 müň 268-e deň bolup, 13,6 göterim, olaryň umymy meýdany bolsa 165 million 167 müň 523 inedördül metr bolup, 24,5 göterim artdy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň