«Ilat ýazuwy — 2022»: Türkmenistanyň ilaty 7 million 57 müň 841 adama deň boldy

22:5314.07.2023
0
63051

Şu gün geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy Döwletgeldi Amanmuhammedow gözegçiik edýän ulgamalarynda alty aýyň dowamynda gazanylan ykdysady görkeziljiler barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, halkara ülňüleri esasynda statistika hasabatlylygyny hem-de maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça degişli işler amala aşyryldy. Şonuň bilen baglylykda, mejlisde döwlet Baştutanyna «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek» şygary astynda geçen ýylyň dekabr aýynda geçirilen ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijeleri barada hasabat berildi.

Bellenilişi ýaly, bu çäre Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 25-nji oktýabryndaky Kararyna laýyklykda, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurduň ähli sebitlerinde geçirildi. Ilat ýazuwyna taýýarlyk görmegiň we ony geçirmegiň usulyýet gollanmalary halkara stnandartlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Bu bolsa BMG-niň Ilat gaznasynyň ýokary derejeli bilermenleriniň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça 2022-nji ýylyň 17-nji dekabry ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň ilatynyň umumy sany 7 million 57 müň 841 adama deň boldy.

Türkmenistanyň bu senede ýazylan ilatynyň 22,9 göterimi Mary welaýatynyň, 22 göterimi Daşoguz welaýatynyň, 20,5 göterimi Lebap welaýatynyň, 14,6 göterimi Aşgabat şäheriniň, 12,5 göterimi Ahal welaýatynyň we 7,5 göterimi Balkan welaýatynyň paýyna düşýär. Ilatyň 50 göterime golaýy erkekler, 50 göterimden gowragy aýal-gyzlar bolup, ýurduň umumy ilatynyň 47, 1 göterimi şäher ilatyndan, 52,9 göterimi bolsa oba ilatyndan ybarat boldy. Türkmenistanyň ähli ilatly ýerlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň ýokary depginlerde alnyp barylýar. Ýaşaýyş binalarynyň sany 1 million 5 müň 671-e deň bolup, 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwy bilen deňeşdirilende, 12,4 göterim artdy. Ýaşaýyş jaýlarynyň sany 1 million 344 müň 268-e deň bolup, 13,6 göterim, olaryň umymy meýdany bolsa 165 million 167 müň 523 inedördül metr bolup, 24,5 göterim artdy. Umuman, alnan statistiki maglumatlar ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny taýýarlamakda uly maglumat binýady bolup hyzmat eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň