Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ermenistan Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär

12:5222.06.2023
0
49761
Ermenistan Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär
Surat: turkmenistan.yerevan.embassy

Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň direktory Andranik Aleksanýan we wise-prezidenti Karen Iwanow bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, işewür toparlarynyň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Ermenistandaki ilçihanasy habar berýär.

Hususan-da, bilelikdäki türkmen-ermeni kärhanalaryny döretmek, ermeni kärhanalarynyň Türkmenistanda geçirilýän dürli halkara forumlara we sergilere gatnaşmagyny guramak barada teklipler aýdyldy. Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri Türkmenistanyň ulag we logistika mümkinçiliklerinden peýdalanmgyň ähmiýetli ugurlaryna ünsi çekdiler.

Öz gezeginde türkmen diplomaty ýakyn günlerinde açylmagy meýilleşdirilýän döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri barada maglumat berdi. Şeýle-de ilçi M.Aýazow Ermenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň orunbasary Nerses Karamanukýan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary boýunça maslahatlaşdy. N.Karamanukýan ermeni telekeçileriniň türkmen kärdeşleri bilen söwda-ykdysady ugurda hyzmatdaşlyk etmek boýunça gyzyklanýandygy barada belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň