«Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi

11:2508.06.2023
0
37015

Şu gün «Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi.

Kanun integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň döredilmegi, hukuk goragy we peýdalanylmagy bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Kanunyň güýje girmegi bilen aşakdaky Kanunlar güýjüni ýitiren diýip ykrar edilýär:

  • 1994-nji ýylyň 23-nji sentýabryndaky «Algoritmleriň, elektron hasaplaýjy maşynlar (EHM) üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň hukuk taýdan goralyşy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994 ý., № 3, 20-nji madda);
  • 2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 44-nji madda) üçünji bölegi;
  • 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 43-nji madda) birinji böleginiň 6-njy bendi.

Täze Kanun bilen «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda tanyş bolup bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň