Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary tamamlandy, Ýerewanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy, Mergen Orazow bilen interwýu we beýleki habarlar

12:3001.06.2023
0
28970

Türkmenistanda

1. Çarşenbe güni agşam türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iki günlük iş saparyny tamamlap, Aşgabada geldi. Iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri EYR-nyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy. Geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn ösdürilýän türkmen-eýran gatnaşyklaryny ilerletmegiň giň toplumyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2. Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy we ýurduň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Bu dabaralar Ýerewanyň Aram Haçaturýan adyndaky uly konsert zalynda geçirilip, oňa köp sanly medeniýet we sungat işgärleri, taryhçylar, sungatşynaslar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, şeýle hem ýurduň wekilçilikli toparynyň agzalary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler bu çäräniň iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagynda, medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde aýratyn ähmiýetlidigi barada bellediler.

3. Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban ýakyn günlerde Aşgabada sapar bilen geler. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Premýer-ministr Wiktor Orbana onuň 60 ýaş toýy mynasybetli iberen gutlag hatynda aýdylýar. «Biz Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara uly üns berýäris. Ýakyn günlerde Aşgabat şäherinde geçirjek gepleşiklerimiziň netijeli boljakdygyna we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynanýaryn» diýlip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gutlag hatynda bellenilýär.

4. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Aşgabatdaky «Daşkent» seýilgähinde Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň guramagynda körpeler üçin baýramçylyk çäreleri geçirildi. Seýilgähde Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň ýaş suratkeşleriniň işleri we kitap sergisi guraldy. Bu ýerde sirkiň artisleri hem şowhunly çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Sirkiň artistleri Pena Myratdurdyýew we Ezber Ataberdiýew çagalara ýatdan çykmajak gyzgalaňly sirk oýunlaryny görkezdiler.

5. Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilip geçilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Gruziýanyň Milli welosiped federasiýasynyň ýardam bermegi bilen, Tbiliside welosipedli ýöriş geçirdi. Welosipedli ýörişe gatnaşyjylar bu sport çäresiniň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ýaýbaňlandyrmakda ýene bir ädim bolup durýandygyny bellediler.

Dünýäde

6. Hytaýyň Uhan şäherinde monorelsde hereket etjek maşinistsiz asma görnüşli otly synagdan geçirilýär. Sürüjisiz asma otly 200 ýolagçyny özünde ýerleşdirip biler we sagatda 60 km tizlikde hereket eder. Otly «akylly» howpsuzlyk ulgamyna eýe bolup, adaty metro üçin bahasy babatda arzan alternatiwa bolup durýar. Otlynyň wagonlarynyň poly aýna paneller bilen örtülýär, bu bolsa adaty penjireler bilen birlikde ähli tarapdan ajaýyp görnüşi synlamaga mümkinçilik berýär. Otlynyň tizligi ýoluň tekizligine bagly bolup, onda demir ýol ulagynyň hereketi duýulmaýar diýen ýalydyr. Sürüjisiz monorels otlusynyň şu ýylda işe girizilmegine garaşylýar.

7. Özbegistanyň Merkezi bankynyň wekilleri tebigy ýüpek garyndysy bolan kagyzy öndürmek üçin täze tehnologiýanyň döredilendigi barada habar berdiler. Gürrüňi edilýän kagyzyň düzümine tebigy ýüpek süýümleri goşulýar. Kagyz ultramelewşe ýagtylyga tutulanda ýüpek süýümlerine garamtyl reňk berýän fluoressentli ergin bilen üpjün edilýär. Bu tehnologiýany banknotlary, gymmatly kagyzlary we beýleki möhüm resminamalary öndürmekde ulanmak meýilleşdirilýär.

Sport habarlary

8. Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow «Turkmenportal» web saýtyna beren interwýusynda «CAFA Nations Cup 2023» halkara ýaryşyna taýýarlyk görmekde öňde durýan wezipeler, taktiki meýilleri hem-de «Wilýareal» toparynda geçen tälimçilik taýýarlygy dogrusynda gürrüň berdi. Mingazowyň milli ýygyndynyň düzümine çagyrylmandygy baradaky berlen sowala bolsa baş tälimçi bu çözgüdiň oýunçynyň we tälimçilik düzüminiň özara gelen netijesidigini aýtdy. «Biz oňa dynç almaga, maşgalasy bilen wagtyny geçirmäge mümkinçilik bermegi makul bildik. Özüňizem bilýänsiňiz, ýakynda Ruslan Gonkongyň çempionatynyň möwsümini üstünlikli tamamlap, özüniň yhlasy bilen toparynyň ýeňiş gazanmagyna uly ýardam etdi. Bu onuň üçin kyn möwsüm boldy. Onuň üstünliklerine buýsanýarys, geljekki oýunlarda görkezjek ussatlygyna hem uly umyt bildirýäris» diýip, Orazow pikirini beýan etdi. Interwýuny doly görnüşde «Turkmenportal» web saýtynyň sahypalaryndan okap bilersiňiz.

9. 23 ýaşa çenli ýaşlar futbol ýygyndylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän Aziýa Kubogy 2024-iň saýlama tapgyrynda «K» toparçada bäsleşýän ýygyndy toparlaryň oýunlarynyň geçiriljek wagtlary belli boldy. Bu toparçanyň duşuşyklary şu ýylyň 6 — 12-nji sentýabry aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Indoneziýada geçiriler. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U23) toparçadaky ilkinji duşuşygyny 6-njy sentýabrda Taýwanyň ýygyndy toparynyň garşysyna geçirer, jemleýji tapgyrda bolsa, 12-nji sentýabrda Indoneziýanyň ýaşlar ýygyndysy bilen duşuşar. Ýeri gelende bellesek, 23 ýaşa çenli ýygyndy toparlaryň gatnaşmagynda geçirilýän Aziýa Kubogy — 2024-iň saýlama tapgyryna ýygyndylaryň 43-si gatnaşar. Toparçalaryň 11-siniň ýeňijileri bilen ikinji orny eýelän ýygyndylaryň iň gowy netije görkezenleriniň dördüsi 2024-nji ýylyň 15-nji apreli — 3-nji maýy aralygynda Katarda geçiriljek Yklym ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň