Turkmenportal logo
31.05.23
1571615716
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama duşuşyklaryny geçirjek günleri belli boldy
Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama duşuşyklaryny geçirjek günleri belli boldy

Ýaşlar ýygyndylaryň gatnaşmagynda geçirilýän Aziýa Kubogy 2024-iň saýlama tapgyrynda «K» toparçada bäsleşýän ýygyndy toparlaryň oýunlarynyň geçiriljek wagtlary belli boldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.


Bu toparçanyň duşuşyklary şu ýylyň 6-12-nji sentýabry aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Indoneziýada geçiriler.


Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U23) toparçadaky ilkinji duşuşygyny 6-njy sentýabrda Taýwanyň ýygyndy toparynyň garşysyna geçirer, 12-nji sentýabrda Indoneziýanyň ýaşlar ýygyndysy bilen duşuşar.


Ýeri gelende bellesek, 23 ýaşa çenli ýygyndy toparlaryň gatnaşmagynda geçirilýän Aziýa Kubogy – 2024-iň saýlama tapgyrynda ýygyndylaryň 43-si gatnaşar. Toparçalaryň 11-siniň ýeňijileri bilen ikinji orny eýelän ýygyndylaryň iň gowy netije görkezenleriniň dördüsi 2024-nji ýylda Katarda geçiriljek Yklym ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik alarlar. Kataryň ýaşlar ýygyndysy final tapgyryna ýer eýesi hökmünde gönümel gatnaşar.


Aziýa Kubogy 2024-iň saýlama tapgyrynyň senenamasy (U-23)


«K» toparça


1-nji tapgyr


6-njy sentýabr (çarşenbe)


Taýwan – Türkmenistan


2-nji tapgyr


9-njy sentýabr (şenbe)


Indoneziýa – Taýwan


3-nji tapgyr


12-nji sentýabr (sişenbe)


Türkmenistan – Indoneziýa.