Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban ýakyn günlerde Aşgabada sapar bilen geler. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Premýer-ministr Wiktor Orbana onuň 60 ýaş toýy mynasybetli iberen gutlag hatynda aýdylýar.
Habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti ýollan hatynda Wengriýanyň Premýer-ministrine ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
— Biz Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara uly üns berýäris. Ýakyn günlerde Aşgabat şäherinde geçirjek gepleşiklerimiziň netijeli boljakdygyna we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynanýaryn — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda belledi.
Şeýle-de Türkmenistanyň döwlet Baştutany Premýer-ministr Wiktor Orbana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny, Wengriýanyň halkynyň öňe gitmegine we gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.