Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Pikirsoraşma Ärdoganyň ikinji tapgyrda ýeňiş gazanjakdygyny görkezdi

09:2323.05.2023
0
14197
Pikirsoraşma Ärdoganyň ikinji tapgyrda ýeňiş gazanjakdygyny görkezdi
Surat: rbc.ru

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan döwlet Baştutanynyň saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda öz garşydaşy Kemal Kylyçdarogludan ýeňiş gazanyp biler. Muňa «Areda Survey» merkeziniň geçiren pikirsoraşmasynyň netijeleri güwä geçýär diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.

Alnan maglumatlara laýyklykda, Ärdogana pikiri soralanlaryň 52,4, Kylyçdarogluna 47,6 göterimi ses bermäge taýyn.

«Interfax.ru» habarlar gullugy bolsa Türkiýede geçen saýlawlaryň birinji tapgyrynda «ATA» bileleşiginden dalaşgärlik eden Sinan Oganyň ikinji tapgyrda Ärdogany goldap ses bermekçidigini ýazýar. Neşir bu babatda ýerli «Hürriyet» gazetine salgylanýar.

Ogan saýlawlaryň birinji tapgyrynda 5 göterim töweregi ses alypdy, onuň tarapdarlarynyň sesi Ärdogan üçin möhüm bolup durýar.

Türkiýede Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry 28-nji maýda geçer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň