Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Kids Plaza» dükany 0-dan 14 ýaşa çenli çagalar üçin egin-eşikleri we köwüşleri hödürleýär

10:2912.05.2023
0
45538

Aşgabatdaky «Kids Plaza» dükany ýaňy doglan bäbeklerden başlap, 14 ýaşa çenli çagalar üçin egin-eşikleriň, köwüşleriň we aksessuarlaryň toplumyny hödürleýär. Ene-atalar «Kids Plaza-da» çagalaryň garderobyny dolulygyna täzeläp ýa-da tebigy matalardan tikilen döwrebap we owadan egin-eşik nusgalary bilen dolduryp bilerler.

«Kids Plaza-nyň» wekiliniň bellemegine görä, dükanyň hödürleýän harytlary toplananda çagalara niýetlenen harytlary hili boýunça bütin dünýäde meşhurlyk gazanan haryt nyşanlary saýlanyp alynýar: «Zara», «Mango», «H&M» we «LC Waikiki».

Şeýle hem Türkmenistanyň ýaşaýjylary öýden çykmazdan, kidsplazatm.com saýtynda söwda etip bilerler.

Müşderileriň islegine görä, «Kids Plaza» birnäçe ölçegli eşikleri geýip görmek mümkinçiligi eltip bermek hyzmatyny guraýar. Eltip bermek hyzmaty Aşgabadyň içine mugt amala aşyrylýar, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki welaýatlaryna eltip bermek mümkinçiligi bardyr. Mundan başga-da, dükanyň arzanladyş kartlarynyň eýeleri hemişelik 10% arzanladyşdan peýdalanyp bilýärler.

Ilkinji «Kids Plaza» dükany 2017-nji ýylda açyldy. Häzirki wagtda «Kids Plaza-nyň» müşderileriniň sany bütin ýurt boýunça 3 000-den gowrakdyr.

Aşgabatdaky «Kids Plaza» dükanyna aşakdaky salgylar boýunça baryp bilersiňiz:

  • «Berkarar» SDAM, 22-nji gat, dükan № С23В. Telefon (+993 62) 18 59 99;
  • «Aşgabat» SDAM, 1-nji gat, blok B. Telefon (+ 993 61) 12 79 37.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň