Soňky habarlar

Arhiw

Anamjan Rustamowa agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynda kiçi bürünç medal gazandy

23:3611.05.2023
0
32819

Türkmenistanly agyr atletikaçy Anamjan Rustamowa Hytaýyň Ginju şäherinde geçirilýän Aziýanyň çempionatynda ştangany silterläp götermek boýunça bürünç medala mynasyp boldy. Ol bu üstünligi 87 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan döwlete wekilçilik edýän 7 türgeniň arasynda gazandy.

Rustamowa ştangany silterläp götermekde 102 kilogram agyrlygy eýgerdi. Ol itekläp götermekde bolsa 124 kilogramlyk netije bilen ilkinji bäşlige girdi. Şeýlelikde, Anamjan Rustamowa umumy netijede hem bäşinji orny eýeledi.

13-nji maýda tamamlanjak Aziýanyň çempionatyna Türkmenistandan 16 türgen gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň