Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen dzýudoçylary dzýudo boýunça Aziýanyň Açyk kubogyna gatnaşarlar

09:0028.04.2023
0
19753

Türkmen dzýudoçylary El-Kuweýt (Kuweýt) şäherinde geçiriljek dzýudo boýunça Aziýanyň Açyk kubogyna gatnaşarlar. Bu barada Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berilýär.

28-29-njy aprel günleri bolup geçjek turnirde Türkmenistana 14 türgen wekilçilik eder.

Türkmenistanyň erkekler ýygyndy toparynyň düzüminde Aýbek Ömirow, Mekan Remezanow, Döwran Ýazgylyjow, Aly Agamämmedow (ählisi 60 kilograma çenli agram derejede), Toýly Myradow (66 kilograma çenli agram derejede), Parahat Nazarow, Begenç Soltanow (ikisi hem 73 kilograma çenli agram derejede), Mämmedaly Açyldyýew (90 kilograma çenli agram derejede) hem-de Baýmyrat Mätjanow (100 kilograma çenli agram derejede) ýaryşa gatnaşar. Zenanlaryň arasynda bolsa Aksoltan Hojageldiýewa, Gurbanaý Gurbanowa (ikisi hem 48 kilograma çenli agram derejede), Saýara Rozyýewa (52 kilograma çenli agram derejede), Maýsa Perdäýewa (57 kilograma çenli agram derejede) hem-de Zulhumar Daşgynowa (63 kilograma çenli agram derejede) dagy Türkmenistana wekilçilik ederler.

Ýaryşa dünýäniň dört yklymyndan bolan 27 döwletden 156 (116 erkek, 40 zenan) türgen gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň