Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdan Urumçä uçuşlaryň bahasy belli boldy

13:0926.04.2023
0
60505

Hytaýyň «China Southern Airlines» awiakompaniýasynyň Urumçiden (Hytaý) Aşgabat (Türkmenistan) şäherine göni gatnawlary üçin petekleriň häzirki bahalary belli boldy.

Aşgabatdan Urumçä petekleriň bahasy, awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndan satyn alnanda, «ekonom» synpy üçin bir tarapa 487 dollardan başlaýar. Ikitaraplaýyn uçuşyň bahasy 737 dollar. Urumçiden Aşgabat şäherine uçuşlar üçin niýetlenen petekleriň bahasy bolsa 423 dollardan başlaýar.

Habar berşimiz ýaly, 25-nji aprelden Hytaýyň «China Southern Airlines» awiakompaniýasy Urumçiden (Hytaý) Aşgabat (Türkmenistan) şäherine göni gatnawlaryny gaýtadan ýola goýdy.

Hytaýyň «China Southern Airlines» awiakompaniýasy koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň başynda Türkmenistana gatnawlaryny togtatypdy.

Başlangyç ýagdaýda uçuşlar hepdede bir gezek — sişenbe güni meýilleşdirilýär. Uçuşlar «Boeing 737-800» uçarlarynda amala aşyrylar.

«CZ6015» uçuşy sişenbe güni Pekin wagty bilen sagat 22:20-de Urumçiden (URC) ugrar we ýerli wagt bilen 23:30 töweregi Aşgabat şäherine (ASB) geler. Yzyna gaýdyş ýerli wagt bilen sagat 01:00-da Aşgabatdan ugrar we Pekin wagty bilen 07:35-de Urumçi şäherine baryp ýeter.

«China Southern Airlines»-iň esasy merkezi Hytaýyň Guançžou şäherinde ýerleşýär.

«China Southern Airlines»-iň uçarlary üçin awiapetekleri www.csair.com internet sahypasyndan we iOS programmalary arkaly satyn alyp bilersiňiz. Awiakompaniýanyň ähli uçuşlary üçin petekler «China Southern Airlines»-iň Aşgabatdaky wekilhanasynda hem elýeterlidir: Magtymguly şaýoly 141/1, «Ak altyn» myhmanhanasy, ofis 206. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312363995.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň