Top.Mail.Ru

«Belawiýa» Russiýadan Türkmenistana we yzyna gaýdyp gelýän birnäçe üstaşyr gatnawlarynyň bahasyny arzanlatdy

17:4319.08.2024
0
19016

Belarusyň «Belawiýa» awiakompaniýasy Russiýadan Türkmenistana we yzyna gaýdyp gelýän birnäçe üstaşyr gatnawlarynyň bahasyny arzanlatdy. Bu barada «Aviaport» habar berdi.

Degişli arzanladyş aşakdaky ugurlar üçin 2024-nji ýylyň 26-njy oktýabryna çenli hereket edýär:

Moskwa — Minsk — Türkmenbaşy we Moskwa — Minsk — Türkmenbaşy — Minsk — Moskwa;

Sankt-Peterburg — Minsk — Türkmenbaşy we Sankt-Peterburg — Minsk — Türkmenbaşy — Minsk — Sankt-Peterburg.

Eger üstaşyr uçuş bir günden köp bolmasa, Türkmenistanyň raýatlaryna Belarusyň üstaşyr wizasy gerek däl ýa-da gelen howa gatnawynyň petegini (talonyny) görkezip biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň