Soňky habarlar

Arhiw

Raşid Rahymow «Rubiniň» baş tälimçisi boldy

22:5012.04.2023
0
29255

Täjigistanly hünärmen Raşid Rahymow «Rubin» futbol toparynyň baş tälimçisi boldy. Bu barada Kazan şäherine wekilçilik edýän klubyň resmi saýty habar berýär.

58 ýaşly tälimçi bilen näçe wagtlyk şertnama baglaşylandygy habar berilmedi.

Raşid Rahymow topara ozal baş tälimçi bolan Ýuriý Utkulbaýewi çalyşdy. Ol bolsa geçen ýylyň noýabr aýynda işden boşadylan Leonid Sluskiniň ornuna işleýärdi.

Rahymow mundan ozal Moskwanyň «Lokomotiwiniň», Permiň «Amkarynyň», Groznynyň «Ahmatynyň» we «Ufasynyň» tälimçisi bolup işledi.

Häzir «Rubin» ýurduň birinji ligasynda ikinji orny eýeleýär. Topar 26 duşuşykda 47 utuk toplap bildi.

«Rubiniň» sport direktory Eduard Safonow baş tälimçilige gözlenilýän dalaşgärleriň arasynda «Soçi» bilen hoşlaşan Gurban Berdiýewiň hem bardygyny aýdypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň