Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ilon Mask milliardlap dollaryndan mahrum boldy

13:4110.04.2023
0
27321
Ilon Mask milliardlap dollaryndan mahrum boldy
Surat: forbes.com

«Tesla» elektrik ulaglaryny öndüriji kompaniýanyň eýesi, amerikaly işewür Ilon Mask bir hepdede 14,5 milliard dollaryndan mahrum boldy diýip, «Forbes» neşirine salgylanýan «Trend» ýazýar.

Häzir Maskyň maýasy 187,9 milliard dollara deňdir, onuň maliýe emlägi «Tesla» kompaniýasynyň bazar düşewüntliligine şübhelenme netijesinde azaldy. Emma muňa garamazdan, Ilon Mask iň baý amerikan işewüri hem-de dünýäde ikinji baý adam bolmagynda galýar.

Neşiriň ýazmagyna görä, telekeçiniň emlägi 10,8 göterim azaldy, muňa bazaryň önümçilikçiniň çärýek döwür üçin hasabaty sebäp boldy, çünki «Teslanyň» ambarlarynda satylmadyk elektrik ulaglarynyň sanynyň iň ýokary derejede artandygy habar berlipdi. Bu kompaniýanyň bütin taryhynda onuň önümlerine islegiň iň pes derejä düşmegidir diýip, habar beriş serişdeleri ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň