Soňky habarlar

Arhiw

Peru futbol boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň dünýä çempionatyny geçirmez

21:2704.04.2023
0
20575

FIFA 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndylarynyň arasynda futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň Perunyň elinden alynýandygyny habar berdi.

Ozalky rejä görä, ýaryş şu ýylyň 10-njy noýabry ― 2-nji dekabry aralygyna Peruda geçirilmelidi.

Ýaryşy indi kabul etjek döwlet soňrak belli bolar. Ýaryşyň geçiriljek wagty bolsa ozalkylygyna galýar.

Öňräk FIFA 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilmeli dünýä çempionatyny hem Indoneziýanyň elinden alypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň