Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan nobatdaky «Türkmenistanyň ýyllyk statistik neşiri» taýýarlanylyp, çap edildi. Ol 2007 — 2023-nji ýyllarda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Täze statistik ýygyndyda hem ilatyň demografik görkezijilerini, onuň iş bilen meşgullygyny, ýaşaýyş derejesini, şonuň ýaly-da, milli hasaplary, maliýe, maýa goýum işini, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň ýagdaýyny häsiýetlendirýän maglumatlar bir ýere jemlenýär. Şunda käbir görkezijileriň ozalky çap edilenler bilen deňeşdirmek esasynda takyklaşdyrylandygyny, aýry-aýry görkezijilere bolsa usuly düşündirişleriň hem berlendigini bellemek gerek.
Habarda bellenilişi ýaly, hasabatyň bu görnüşi hakyky ýagdaýlardyr sanlara esaslanýan, netije çykarmak babatda binýat bolup hyzmat edýän toplumlaýyn we yzygiderli maglumatlardan ybaratdyr. Ol aýry-aýry çeşmelerden ýygnalan maglumatlary özünde jemleýär hem-de olary umumylaşdyrmak üçin statistik seljermäniň dürli usullaryndan peýdalanylýar.
Statistiki maglumatlar Türkmenistanda makroykdysady işleri dolandyrmak we meýilleşdirmek ulgamynda, býujet taslamalaryny düzmekde, uzak möhletli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny işläp taýýarlamakda örän möhümdir.
«Statistika hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Statistika baradaky döwlet komiteti statistiki maglumatlary emele getirmegi statistika usulyýetiniň esasynda amala aşyrýar we bu işde halkara tejribede giňden ulanylýan standartlardan ugur alynýar.