Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda özbek kinosynyň günleri geçiriler, Aşgabady we Hazary täze şäherara awtobus ugry birleşdirer, Russiýa Türkmenistanyň raýatlary üçin ýokary okuw mekdeplerindäki ýerleriň sanyny artdyryp biler we beýleki habarlar

11:1001.04.2023
0
45750

Türkmenistanda

1. Maý aýynda Türkmenistanda Özbegistanyň Kino günleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu mesele Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ýazguly Mämmedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Kinematografiýa agentliginiň direktorynyň orunbasary Rizaýewiň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Özbek tarapy Özbek kinosynyň günlerini Aşgabatda bolşy ýaly, Türkmenistanyň welaýat merkezlerinde hem geçirmek isleýändigini mälim etdi. Özbegistanda Türkmenistanyň Kino günlerini sentýabr aýynda - 15-nji Daşkent kinofestiwalynyň çäklerinde geçirmek meýilleşdirilýär.

2. 1-nji aprelde Aşgabatda täze awtobus ugry işe giriziler. Ol Aşgabat bilen Balkan welaýatynyň Hazar şäherçesini birleşdirer. Awtobuslar täze ugur boýunça gündelik hereket ederler. Awtobus Halkara awtomenzilden Hazar şäherçesine sagat 08:00-da, Hazar şäherçesinden Aşgabada bolsa ýerli wagt bilen 10:00-da ugrar. Bir tarapa petegiň bahasy 60 manada deňdir.

3. Türkmenistanyň Bilim ministrligi Russiýa Federasiýasynyň Bilim we ylym ministrligine şu ýyl orta hünär we ýokary bilim edaralarynda býudjet esasynda bilim almak üçin ýerleriň sanyny 500-e çenli artdyrmak teklibi bilen ýüz tutdy. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary, Rossotrudniçestwonyň wekili Ýuliýa Zaýsewa habar berdi.

4. Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli çärelerine gatnaşdy. BMG Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-prezidenti hökmünde Türkmenistanyň ýolbaşçylygyndaky mejlisde Mähri Bäşimowa Türkmenistanyň ilatynyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak we oba ýerleri çalt ösdürmek esasynda sebitleriň arasyndaky tapawudy azaltmak maksady bilen, Türkmenistanyň ilatly nokatlarynda galyndylar bilen işleşýän ulgamlary döretmek, hojalyk we senagat galyndylaryny gaýtadan işlemek üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça milli derejede görülýän çäreler barada gürrüň berdi.

5. 8-nji aprelde Aşgabadyň ýaşaýjylary we paýtagtyň myhmanlary Germaniýa Federal Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan geçiriljek Pasha bazaryna gatnaşyp bilerler. Pasha bazary Pasha baýramynyň iň gowy däpleri esasynda guralar: myhmanlar ýakymly konditer önümlerini dadyp bilerler, elde ýasalan ýadygärlik sowgatlaryny satyn alyp we gowy aýdymlary diňläp bilerler. Çagalar üçin göwün açyjy güýmenjeler we oýunlar guralar.

Dünýäde

6. London indi dünýäniň ilkinji maliýe merkezi hasaplanmaýar – indi ol bu hukugy Nýu-Ýork bilen paýlaşýar. Singapur, Frankfurt we Pariž hem sanawda olaryň yzyndan gelýär. Londonda iň iri britan banklarynyň we maliýe korporasiýalarynyň hünärmenlerini çekmek bilen, dünýäniň maliýe merkezi adyny saklamak üçin çäreler görülýär.

7. MTS täzelenen nyşany bolan mahabat wideoroligini köpçülige ýetirdi. Uzak wagtdan bäri hemmelere mälim bolan gyzyl düşekde (fonda) ak ýumurtga şekilindäki MTS-iň nyşany perimetri boýunça MTS harplary ýazylan gysga gyzyl kwadrat bilen çalşyryldy.

Sport habarlary

8. Türkmen türgenleri Almatydaky harby okuwçylaryň we ýaşlaryň arasynda geçiriljek dzýudo boýunça Aziýanyň Kubogyna gatnaşmak üçin hasaba alyndy. Beket Mahmutowyň hatyrasyna bagyşlanan ýaryş 7 – 9-njy aprel aralygynda geçiriler. Bäsleşik altynjy gezek geçiriler. Bu ýaryşa Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Gyrgyzystandan, Gresiýadan, Gruziýadan, Latwiýadan, Mongoliýadan we ABŞ-den 300-den gowrak türgen gatnaşar.

9. Türkmen futbolçysy Süleýman Muhadow Täjigistanyň «SSKA» futbol topary bilen şertnama baglaşdy. «Hüjümçi Süleýman Muhadow biziň toparymyza goşuldy. Süleýmana üstünlik arzuw edýäris we «SSKA» toparynyň muşdaklaryny begendirer diýip umyt edýäris» diýip, Duşanbeniň toparynyň metbugat gullugynyň habarynda bellenilýär. 29 ýaşly Muhadow «SSKA» toparyna «Hujanddan» geçipdi.

10. FIFA Indoneziýany futbol boýunça ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatyny geçirmek hukugyndan mahrum etdi. Bu çözgüt Halkara Futbol federasiýasynyň prezidenti Janni Infantino bilen Indoneziýanyň Futbol assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Erik Tahiriň arasyndaky duşuşygyň netijeleri boýunça kabul edildi. Bu ýaryş 2023-nji ýylyň 20-nji maýyndan 11-nji iýuny aralygynda Indoneziýada geçirilmelidi. Çempionatyň täze guramaçysy soň yglan ediler. Ýaşlar toparlarynyň arasynda häzirki dünýä çempiony Ukrainanyň milli ýygyndysydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň