Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bütin dünýäde çilimkeşleriň iň pes göterimli ýurdy bolup durýar

10:3623.07.2015
0
3647

Türkmenistan bütin dünýäde çilimkeşleriň iň pes göterimli ýurdy bolup durýar. Bu barada, RIA nowostiniň habar berşi ýaly, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Margaret Çen aýtdy.

Türkmenistanyň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara lukmançylyk maslahatynda eden çykyşynda ol ýurtda ilatyň bary-ýogy 8 göteriminiň çilim çekýändigini belledi.

BSGG-niň temmäki önümlerine garşy göreş boýunça çarçuwaly konwensiyasynyň sekretariatynyň baştutany Wera da Kosta e Silwa bu görkezijiniň 5 göterime getirmegi arzuw etdi. “XX asyrda çilim çekilmegi zerarly 100 million töweregi adam heläk boldy. Munuň özi iki jahan uruşlarynda wepat bolan adamlaryň sanyndan-da köpdür. Eger häzirki depgin saklansa, onda şu ýüzýyllykda temmäki bilen bagly ölümleriň sany milliarda baryp ýeter. Şunlukda, temmäki önümlerini ulanmak ösen döwletlerde peselýär, garyp ýurtlarda bolsa ýokarlanýar” — diýip, ol aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň