Türkmenistanly türgenler «Sambony esaslandyryjylaryň kubogyna» gatnaşar

23:4724.03.2023
0
20626

25 ― 26-njy mart aralygynda Moskwa şäherindäki Halkara sambo we boks merkezinde «Sambony esaslandyryjylaryň kubogy» atly ýaryş geçiriler. Bu barada RIA «Nowosti» habar berýär.

Russiýa Federasiýasynyň Sport ministrliginiň metbugat gullugynyň ýazyşy ýaly, Ýaryşa Koreýa Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň, Belarusyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň, Hytaýyň Täjigistanyň we Morokkanyň wekilleri gatnaşar.

Has takygy, ýaryşa ähli agram derejelerinde 86 samboçynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Ýaryş sambo we söweş sambosy boýunça erkekleriň arasynda 58, 64, 71, 79, 88, 98 kilograma çenli we 98 kilogramdan ýokary, zenanlaryň arasynda 50, 54, 59, 65, 72, 80 kilograma çenli we 80 kilogramdan ýokary agram derejelerinde geçiriler.

Ýaryşyň tutluşyklary «Matç TW» teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda alnyp görkeziler.

«Sambony esaslandyryjylaryň kubogy» sportuň bu görnüşiniň düýbüni tutujylar Anatoliý Harlampiýewiň, Wasiliý Oşepkowyň we Wiktor Spiridowonowyň hatyrasyna geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň