Soňky habarlar

Arhiw

Dohada Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy, Çoganlyda täze medeni-dynç alyş seýilgähi peýda bolar, Mejlis hakynda Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi we beýleki habarlar

11:0421.03.2023
0
34986

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine döwlet saparynyň çäklerinde Doha şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabaraly çärä daşary ýurtlaryň Katardaky diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle-de ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

2. Aşgabatda täze medeni-dynç alyş seýilgähi gurlar. Ol Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda peýda bolar. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi gurluşyk işleri üçin bäsleşik yglan etdi. Arzalar we teklipler 2023-nji ýylyň 2-nji maýyna çenli kabul ediler.

3. «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda» Kanun güýje girdi. Täze Kanun Mejlisi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara hökmünde kesgitleýär. Mejlis 125 deputatdan ybaratdyr. Saýlaw gününe çenli 25 ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Mejlisiň deputatlygyna saýlanyp bilner.

4. Aşgabat şäher häkimligi ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygy hyzmatlary üçin tölegleri e.ashgabat.gov.tm sanly hyzmatlar portalynyň üsti bilen geçirmek mümkinçiligini ýatladýar. Bu portal arkaly suw, zibil, jemagat hyzmatlary üçin tölegleri onlaýn usulda tölemek mümkindir. Munuň üçin internete birikdirilen enjam we bank karty ýeterlikdir. e.ashgabat.gov.tm saýtynda zerur kepilnamalary hem sargyt etmek mümkindir.

5. Aşgabatda Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlaryna we mümkinçiliklerine bagyşlanan atly halkara maslahat geçirildi. «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler otagyna Hytaýyň, Russiýanyň, Bolgariýanyň, Horwatiýanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Koreýa Respublikasynyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri ýygnandylar. Olaryň ählisi türkmen kärdeşleri bilen syýahatçylyk pudagynda hünär gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

6. Arkadag şäherinde iki täze etrap – Kärizek we Gorjaw etraplary peýda boldy. Olar Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda döredildi. Şeýle hem resminamada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Arkadag şäheriniň etraplarynyň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmek bellenilýär.

Dünýäde

7. Gazagystanyň paýtagtyndaky halkara howa menzili uçara münüş talonyna derek «Face ID» tehnologiýasyny ulanmaga geçer. Täze ulgama geçmek baradaky resminama Amsterdamdaky sergide gol çekildi. Geçiş Şweýsariýanyň «SITA» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylar. Astana howa menzili Merkezi Aziýanyň paýtagtlarynyň arasyndaky iň gowy howa menzili diýlip ykrar edildi, Merkezi Aziýa sebitindäki iň köp ýolagçy kabul edýän howa menzilleriniň arasynda ikinji ýerde we GDA ýurtlarynyň arasynda meşhurlygy boýunça 12-nji ýerde durýar.

8. Aktýor Willem Defo Ýaşyl goblin keşbini gaýtadan janlandyrmaga taýýardygyny habar berdi. Aktýoryň bellemegine görä, «Marvel» äleminiň filmlerinde otrisatel gahrymanlary janlandyrmak oňa ýarady. Defo «Ýürekden ýabanylar», «Hristosyň soňky höwesi», «Adalat ligasy», «Akuamen» ýaly filmlerdäki rollary bilen meşhurdyr.

Soňky habarlar

9. «Goal» portaly «Altyn pökgä» dalaş edýänleriň sanawynyň täzelenen nusgasyny köpçülige ýetirdi. Sanawda birinji orny «PSŽ-niň» hüjümçisi we Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany Lionel Messi eýeleýär. «Mançester Sitiniň» norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand ikinji orny eýeleýär, fransiýaly Kilian Mbappe bolsa üçünji orunda barýar.

10. Futbol boýunça Eýranyň milli ýygyndysy Russiýanyň ýygyndysyna garşy synag duşuşygyna taýýarlyk görüp başlady. Toparlar 23-nji martda Tährandaky «Azady» stadionynda duşuşarlar. Duşenbe güni Eýranyň topary hünärmen Amir Galenoiniň ýolbaşçylygynda ilkinji türgenleşigini geçirdi. Türkmen gelip çykyşly hüjümçi Serdar Azmun şahsy sebäplere görä, bu oýna gatnaşyp bilmez.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň