Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň Mejlisi hakynda» kanun güýje girdi

10:5420.03.2023
0
27796

Şu gün «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda» Kanun güýje girdi. Ol Türkmenistanyň Mejlisiniň işiniň guralyşyny, düzümleriniň iş tertibini, wezipelerini, ygtyýarlyklaryny we deputatlarynyň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär. Şunuň bilen baglylykda, şu günden başlap, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Kanun öz güýjüni ýitirdi.

Täze Kanun Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr. Türkmenistanyň Mejlisiniň işi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şu Kanuna hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň (mundan beýläk – Mejlis) işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Kanuna görä, Mejlis ählumumy, deň we göni saýlaw hukugy esasynda gizlin ses bermek arkaly saýlawçylarynyň sany, takmynan, deň bolan saýlaw okruglary boýunça saýlanylýan 125 deputatdan ybaratdyr. Saýlawlar gününe çenli ýigrimi bäş ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Mejlisiň deputatlygyna saýlanyp bilner. Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirilýär.

Kanun bilen «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda giňişleýin tanşyp bilersiňiz.

Türkmenistanda 26-njy martda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň geçiriljekdigini ýatladýarys. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, ähli saýlaw okruglarynda saýlawlara möhletinden öň ses bermek çäresi başlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň