Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, ähli saýlaw okruglarynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek çäresi başlandy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Saýlaw kodeksine laýyklykda, bu çäre, ozaly bilen, uzak möhletleýin iş saparlaryna ýa-da zähmet rugsadyna gidýän raýatlar, saýlawlar gününde — 26-njy martda dürli sebäplere görä saýlaw uçastogyna gelip, iň mynasyp dalaşgär üçin ses bermäge mümkinçiligi bolmadyk saýlawçylar üçin göz öňünde tutulandyr.
Şu günler ähli uçastok saýlaw toparlarynyň guramaçylykly işleýändigini bellemek gerek. Olaryň düzümine zähmet toparlarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň mynasyp wekilleri girizildi.
Ýurt boýunça döredilen 2644 saýlaw uçastogynyň ählisi ses bermegi guramaga doly taýýar. Şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň 42-si saýlawçylara garaşýar.
Milli synçylardan başga-da, halkara synçylar we bilermenler saýlawlara monitoringi amala aşyrýarlar. Olaryň ählisine saýlawlaryň öň ýanynda hem, gönüden-göni ses berilýän gününde hem Aşgabadyň, welaýatlaryň saýlaw okruglaryna baryp görmäge mümkinçilik döredildi.
Saýlawlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde saklanýar. Döwürleýin neşirlerde dalaşgärleriň terjimehallary baradaky maglumatlar çap edilýär. Şol bir wagtda, dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär.