Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde Kärizek we Gorjaw etraplary döredildi

11:5520.03.2023
0
41151

Arkadag şäheri bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasynyň 12-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary çap edildi. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen kararda şeýle diýilýär:

1. Arkadag şäheriniň düzüminde goşunda laýyklykda täze etraplary döretmeli we olara Kärizek we Gorjaw atlaryny dakmaly hem-de mundan beýläk olary degişlilikde Arkadag şäheriniň Kärizek etraby hem-de Arkadag şäheriniň Gorjaw etraby diýip atlandyrmaly.

2. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Arkadag şäheriniň etraplarynyň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

3. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.

Ozal Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 2370 gektar ýerlerini Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirilendigi barada habar berilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň