Soňky habarlar

Arhiw

Doha şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy

18:0920.03.2023
0
50817
Doha şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy
Surat: Türkmenmetbugat

Şu gün Dohada geçirilen Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasynyň açylyş dabarasy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu dostlukly ýurda amala aşyrýan saparynyň wakalarynyň üstüni ýetirdi.

Dohada bolýan türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen dabarada iki ýurduň baýdaklary galdyrylyp, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, häzirki wagtda üstünlikli ösdürilýän türkmen-katar gatnaşyklarynyň ýokary derejesine ünsi çekdi. Soňra ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda toý bagy kesildi. Bu ýerde diplomatlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Ýeri gelende bellesek, 2014-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda Kataryň diplomatik wekilhanasy açyldy. Bu günki açylan Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasy hem soňky ýyllarda okgunly ösdürilýän türkmen-katar gatnaşyklarynyň uzak möhletleýin häsiýete eýediginiň nyşanydyr. Onuň işi bir maksada — iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrmaga, netijeli işewür hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Türkmenistanyň hem-de Kataryň raýatlarynyň, jemgyýetçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary goldamaga we ilerletmäge gönükdirilendir.

Ýakyn Gündogaryň bu ýurdunda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasyny açmak meselesi Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 3-nji dekabrynda Katara amala aşyran saparynyň çäginde Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen geçiren duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşylypdy. Şondan birnäçe gün soňra — 9-njy dekabrda Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletinde Türkmenistanyň ilçihanasyny açmak hakynda Permana gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň