Aşgabatdan Türkiýä ýertitremelerinde ejir çekenler üçin ynsanperwer kömeginiň nobatdaky tapgyry iberildi. Bu barada «TRT Avaz» teleýaýlymynda habar berildi.
Şu hepde türk ilçihanasynyň utgaşdyrmagy esasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi tarapyndan lukmançylyk enjamlaryndan, ýyly eşiklerden, şeýle hem aýakgapdyr düşeklerden ybarat bolan 8,6 tonna ynsanperwer kömegi ýüklenen ýük awtoulagy Türkiýä ugradyldy.
Ýatlap geçsek, 6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda we Siriýanyň demirgazygynda köp sanly adam pidalaryna getiren ýertitremeleri bolup geçdi. Bu ýertitremeleri Türkiýäniň 10 sebitine täsir etdi. Olaryň iň güýçlüleri 7,8 bal ululykda, ondan soňkusy Kahramanmaraş welaýatynda 7,6 bal ululykda bolup geçdi.