Arhiw

«Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti döredijilik bäsleşigini yglan etdi

10:0901.03.2023
0
24564

2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde «Ýaşlar mähriban Watanymyzyň bagtly geljegi» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşige gatnaşýanlaryň makalalary, hekaýadyr goşgulary, oçerkdir söhbetdeşlikleri rus dilinde kabul edilýär.

Bäsleşige gatnaşyjylar öz eserlerini gazetiň şu elektron poçtasyna iberip bilerler: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Bäsleşik 2023-nji ýylyň ahyryna çenli dowam eder we oňa isleg bildirýänleriň ählisi gatnaşyp bilerler. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan diplomlardyr gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Döredijilik bäsleşiginiň maksady Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatda gazanan üstünliklerini wagyz etmekden, şeýle-de ýurduň ösmegine ýaşlaryň goşýan goşantlaryny açyp görkezmekden ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň