Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan London we Pekin bilen howa gatnawlaryny dikelder, Ýewropa kompaniýasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Türkmenistana teklip berdi, Aşgabatda Antonio Onoratonyň döredijilik agşamy geçirildi we beýleki habarlar

12:0224.02.2023
0
41631

1. «Türkmenistan» awiakompaniýasy mart aýynyň ahyryndan Aşgabatdan Pekine we Londona dowamly howa gatnawlaryny dikelder. Uçuşlar «Boeing» uçarynda amala aşyrylar.

19-njy martdan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Pekiniň halkara howa menziline uçuşlary dikelder, başlangyç tapgyrda hepdede iki gezek gatnaw amala aşyrylar. 9280 manat nyrh bilen Pekine uçup bilersiňiz.

20-nji martdan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy hepdede bir gezek Londona uçuşlary amala aşyryp başlar. Häzirki wagtda ol ýere uçuşyň nyrhy 8926 manatdan başlanýar. Petek satuwy Aşgabatdaky Howa gatnawlarynyň baş gullugynda eýýäm ýola goýuldy.

2. Fransuz-italiýan kompaniýasy «Thales Alenia Space» Türkmenistanda kosmos pudagy üçin inženerleri we operatorlary taýýarlamak boýunça okuw sapaklaryny guramaga taýýardygyny mälim etdi. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň kompaniýanyň wekilleri bilen duşuşygynda şeýle teklip berildi. «Thales Alenia Space» hemra ulgamlary boýunça öňdebaryjy kompaniýalaryň biridir. Kompaniýa kosmos aragatnaşygy, Ýeriň uzakdan gözegçiligi, nawigasiýa we ylym ulgamlarynda öňdebaryjy çözgütleri hödürleýär.

3. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabada gelen italýan kompozitory we gitaraçysy Antonio Onorato bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Antonio Onorato birnäçe aýdymlary ýerine ýetirip, uly bolmadyk konsert berdi.

4. «Altyn Ýunus» öz önümlerini Moskwada geçirilen halkara azyk sergisinde tanyşdyrdy. «Altyn Ýunus» haryt nyşanynyň önümleri dadyp görmek ýaryşlaryna gatnaşdy, netijede, «Todino Glory» şokolad plitkasy we «Well» şekersiz sakgyjy öz derejlerinde iň oňat önüm hökmünde altyn medallara eýe boldy. Serginiň netijeleri boýunça «Altyn Ýunus» 20-den gowrak daşary ýurt kompaniýalary bilen deslapky hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekdi.

Dünýäde

5. Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri Özbegistanda şahamçalarynyň sanyny artdyrarlar. Bu barada Russiýanyň ylym we ýokary bilim ministri Waleriý Falkow habar berdi. Onuň bellemegine görä, Russiýa Gazagystanda, Müsürde, Saud Arabystanynda, Mýanmada we Kubada bilim edaralarynyň täze bölümlerini açmagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda Özbegistanda Russiýanyň 10-dan gowrak öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň bölümleri hereket edýär.

6. Türkiýede ýertitremeden soňra azyndan 500 müň täze jaý gurulmaly diýip, BMG nygtady. Hünärmenler betbagtçylyk sebäpli 1,5 million adamyň öýsüz galandygyny çaklaýarlar. «Bu, gürrüňsiz, Türkiýäniň taryhynda bolup geçen iň uly ýertitremesi we häzirki wagta çenli ýurtda bolup geçen iň uly tebigy betbagtçylykdyr» – diýip, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkiýedäki hemişelik wekili Luiza Winton belledi.

7. Wenesiýada kanallaryň hemmesi diýen ýaly gurady – güýçli gaýtgynlar sebäpli olardaky suwuň derejesi henize çenli bellige alnan iň pes derejä düşdi. Ortaça, suwuň derejesi 70 santimetr azaldy, şeýlelikde, iň pes çuňlugy bolan kanallaryň düýbi görnüp başlady.

Sport habarlary

8. Serdar Azmun «Baýere» 11 metrlik jerime urgulary (penalti) tapgyrynda «Monakony» ýeňmäge we Ýewropa ligasynyň 1/8 finalyna çykmaga kömek etdi. Duşuşygyň esasy wagty Lewerkuzeniň toparynyň peýdasyna 3:2 hasabynda tamamlandy, ýöne iki oýnuň jemi boýunça umumy hasap 5:5 boldy, bu bolsa duşuşygy goşmaça wagta geçirdi. «Baýeriň» oýunçylary jerime urgulary tapgyrynda has takyklyk görkezdiler. Myhmanlar ähli synanyşyklaryny dürs ýerine ýetirdiler, hüjümçi Serdar Azmun tapgyryň ilkinji goluny geçirdi.

9. Ýewropa ligasynyň 1/8 finalyna gatnaşyjylaryň ählisi mälim boldy. «Ýuwentus», «Roma», «Sporting», «Sewilýa», «Baýer», «Mançester Ýunaýted», «Ýunion» we «Şahtýor» pleý-off tapgyryny geçdiler.

10. «PSŽ-niň» goragçysy Serhio Ramos 36 ýaşynda Ispaniýanyň milli ýygyndysyndaky karýerasyny tamamlaýandygyny habar berdi. Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen bilelikde Ramos 2010-njy ýylda dünýä çempiony boldy, şeýle hem 2008 we 2012-nji ýyllarda iki gezek Ýewropa çempionatynda ýeňiji boldy. Ol milli ýygyndy toparyň düzüminde 180 oýun oýnady we 23 pökgi geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň