Birleşen Milletler Guramasynda Türkiýede ýertitremelerden soňra azyndan ýarym million sany ýaşaýyş öýüni gurmak gerek bolar diýip hasaplaýarlar. Bu barada ýurduň «Anadolu» habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar.
Ýagny BMG-niň hünärmenleri tebigy heläkçilik netijesinde Türkiýede 1,5 million adamyň öýsüz galandygyny belleýärler. Olaryň pikirine görä, ilkinji nobatda ýurtda 116 milliondan 210 million tonna çenli bolan harabalyklary arassalamaly bolar.
Soňky maglumatlara görä, Türkiýede ýerasty sarsgynlar netijesinde 42,3 müňden gowrak adam pida boldy.