Dünýäde iň çalt ýaýraýan diniň yslamdygy belli boldy, ýagny 2010-2020-nji ýyllar aralygynda Ýer ýüzünde musulmanlaryň sany 347 million adam artdy diýlip, «Pew Research Center» ylmy-barlag merkeziniň maglumatlarynda aýdylýar. Şunlukda, yslama uýýanlaryň sany on ýylda 25,6 göterim köpeldi.
Dünýäde ynanç babatda ýene bir ösüş hasaba alyndy, ol-da özlerini hiç bir dine degişli etmeýän adamlar hem köpeldi. Olaryň sany Ýeriň ilatynyň çärýek bölegine golaýlaýar. Şol bir wagtda buddaçylaryň sany azalýar, bu din barha pese gaçýan ynanç bolup galýar.
Soňky onýyllykda dünýäde hristianlaryň sany 121,6 million köpeldi we häzir olaryň sany 2,3 milliard adama deňdir. Emma olaryň sany dünýä ilatynyň umumy paýynda 28,8 göterime çenli azaldy. Munuň sebäbi hristiançylygyň Ýeriň ilatynyň umumy artyşyndan pes ösýändigi bilen baglydyr.
Bu maglumatlar 2,7 müň sany ylmy-barlaglara we pikirsoraşmalara esaslanýar. Soňky 10 ýylda dörän üýtgeşmeleri alymlar, esasan, musulman ýurtlarda çaga dogluşynyň hristian we buddizm sebitlerdäkiden has ýokarydygy bilen baglaýarlar.