Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn Ýunus» kärhanasynyň önümleri Russiýada geçirilen halkara sergide altyn medala mynasyp boldy

09:5823.02.2023
0
39998

Konditer önümlerini, ýeňil iýmitleri, maňyzlary we çigit önümlerini öndürýän «Altyn Ýunus» kärhanasy şu ýylyň 6 — 10-njy fewraly aralygynda Moskwada 30-njy gezek geçirilen «Продэкспо» halkara ýubileý sergisine gatnaşyp, önümlerini tanyşdyrdy.

«Altyn Ýunus» kärhanasynyň önümleri dadyp baha bermek boýunça geçirilen bäsleşikde hödürlenildi, onuň netijesinde bolsa «Todino Glory» haryt nyşanly şokolad plitkasy we şekersiz «Well» sakgyjy öz degişli ugry boýunça iň gowy önüm diýlip altyn medala mynasyp görüldi.

Russiýanyň we görkezilişe gatnaşýan beýleki ýurtlaryň giň söwda torlarynyň wekilleri «Altyn Ýunusyň» önümlerine ýokary baha berdiler. Şol sebapden hem, serginiň netijelerine laýyklykda, «Altyn Ýunus» kärhanasy ýigrimi töweregi daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň deslapky şertnamalaryny baglaşdy.

«Altyn Ýunus» kärhanasynda maňyz, çigit, şekerli we şekersiz sakgyç, horaz süýji, şeýle-de Türkmenistanda hem-de Gazagystan, Gyrgyzystan, Eýran Yslam respublikasy, Owganystan we Hytaý ýaly ýurtlaryň käbirinde giň meşhurlyga eýe bolan kökelerdir dürli görnüşli şokolad plitkalary öndürilýär.

«Altyn Ýunus» kärhanasynyň esasy dükanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 172-nji jaý, «Datly» binasy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 95 06 04, (+993 12) 95 06 17.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň