«Altyn Ýunus» haryt nyşany täze görnüşli önümi – öýjükli şokoladlary hödürleýär

09:5114.11.2022
0
24700

«Altyn Ýunus» kompaniýasynyň önümleriniň sanawyna täze önüm – «Bilyard» we «Atom» haryt nyşanly öýjükli şokoladlar goşuldy. Öndüriji alyjylara gara, süýtli we ak öýjükli şokolad görnüşlerini hödürleýär.

«Altyn Ýunus» konditer önümçiligi boýunça Türkmenistanda ilkinji bolup, öýjükli şokolad taýýarlamagyň tehnologiýasyny özleşdirdi. «Altyn Ýunus» haryt nyşanly önümler ISO 22000, ISO 9001, HACCP we «Halal» hil sertifikatlary bilen bellige alnandyr, bu bolsa olaryň hil we howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýändigini aňladýar. Şokolad önümçiliginde ýokary hilli çig mallar – kakao tozy, kakao ýagy we beýleki tebigy goşundylar peýdalanylýar.

«Altyn Ýunus» HK-nyň wekilleri bilen habarlaşmak üçin (+993 12) 95 06 04, (+993 12) 95 06 17 telefon belgilerine ýa-da sosial ulgamdaky sahypasyna ýüz tutup bilersiňiz, şeýle hem kompaniýanyň merkezi ofisiniň salgysy: Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 172-nji jaý.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň