Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn Ýunus» çöpli süýjüleri hödürleýär

14:0207.11.2022
0
22981

Türkmenistanyň her bir welaýatynda şekerli we şekersiz sakgyçlary, şeýle hem çigitleri, hozlary we konditer önümleri bilen meşhurlyk gazanan «Altyn Ýunus» kompaniýasy «Melek» we «Well» haryt nyşanly çöpli süýjüleriň – lollipoplaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Lollipop – çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda meşhur bolan içi sakgyçly çöpli karameldir, köpler ony şeýle süýjüleri öndürýän haryt nyşanynyň ady bolan «çupa-çups» diýip atlandyrýarlar.

«Melek» we «Well» lollipoplary dürli tagamly görnüşlerde hödürlenýär: ýer tudanasy, apelsin, kola, alma, garpyz, garyşyk miweler. Her bir çöpli süýjüniň içinde ýumşak sakgyç bar we ony şarjagaz ýaly çişirip bolýar. Önümçilikde diňe ýokary hilli önümlerden peýdalanylýar, berk laboratoriýa gözegçiligi amala aşyrylaýar.

«Altyn Ýunus» kompaniýasynyň merkezi edarasy Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrundaky 174-nji jaýda ýerleşýär. Telefonlar: (+993 12) 95 06 04, (+993 12) 95 06 17, (+993 12) 95 06 18.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň