«Altyn Ýunus» kärhanasy un konditer önümleriniň giň görnüşlerini hödürleýär

14:3727.10.2022
0
26476

Gowrulan günebakar çigitlerini we maňyzlary öndürmekde öňdebaryjylaryň esasylarynyň biri bolan «Altyn Ýunus» kärhanasy önümçilik gerimini täze un konditer önümleri bilen artdyrdy. Indi kärhana alyjylar köpçüligine datly kökelerdir wafli önümleriniň hem birnäçe dürli tagamly görnüşlerini ýetirýär.

«Altyn Ýunus» kärhanasy Türkmenistanyň bazarynda 2014-nji ýyldan bäri işjeň önümçiligini alyp barýar. Önümçiliginiň ilkinji ýyllarynda kärhana şekersiz sakgyçlary, günebakar çigitlerini hem-de maňyzlaryň dürli görnüşlerini öndürýärdir. 2020-nji ýyldan başlap hem kärhana undan konditer önümlerini, ilki köke, soňlugy bilen bolsa waflileri öndürip başlady.

Kärhananyň öndürýän «Melek», «Ýunus», «Emir», «One», «Plombir» ýaly haryt nyşanly kökeleri, süýji taýajyklary, şokolad, limon, kokos, hoz ýa-da gaýmak tagamly waflileri çaýdyr kofäniň ýany bilen iýmäge örän ýakymlydyr.

«Altyn Ýunus» kärhanasynyň esasy ofisi Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 174-nji jaýynda ýerleşýär. Telefon belgileri: (+993 12) 95 06 04, (+993 12) 95 06 17, (+993 12) 95 06 18.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň